Türkiýe, Ysraýylyň Hassahana Guran Hüjümini Ýazgardy

Türkiýe, Ysraýylyň Hassahana Guran Hüjümini Ýazgardy

Türkiýe, Ysraýylyň Gazadaky al Ehli Baptis hassahanasyna guran hüjümini berk ýazgardy.

Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Gazadaky hassahana guran hüjümi barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, Gazada hassahanyň nyşana alynmagy sebäpli ýüzlerçe palestinalynyň ýogalmagyna, ýüzlerçe adamyň hem ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtalyp, “Bu wagşyçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan palestinaly doganlarymyza rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Asuda ilaty nyşana alanlar, hassahanalary, mekdepleri bombalanlar halkara hukugyň öňünde jogap bermeli bolar” diýildi.

Ysraýylyň al Ehli Baptis hassahanasyna guran bombaly hüjüminde, ilkinji kesgitlemelere görä 500 adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň esasy böleginiň bäbejiklerden, çagalardan we zenanlardan ybaratdygy nygtalýar.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hassahana guralan hüjümden soň 3 günlük milli ýas yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy