Türkiýede iki sany türkmen aktiwistini tutdylar we deportasiýa merkezlerine ýolladylar

Türkiýede iki sany türkmen aktiwistini tutdylar we deportasiýa merkezlerine ýolladylar

18-nji oktiýabrda Türkiýede iki sany Türkmenistanly oppozisiýa aktiwistini tutdylar we deportasiýa merkezlerine ýolladylar diýip “Türkmen Helsinki Fondy” maglumat berýär.

Antalýada 47 ýaşly Ahmet Rahmanowy deportasiýa merkezine iberdiler. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna laýyklykda, ol “Türkmenistanyň demokratik saýlaw” oppozisiýa hereketiniň çatynyň moderatory we “ÝuTube” hem “Tiktok” kanallarynda türkmen režimini tankytlap çykyş edipdi we “Azatlyk” radiosyna kommentariýalar beripdi.

Habarlara görä, Rahmanow deportasiýa merkezine iberilmezden owal ýaşamaga rugsadyny uzaltmak üçin migrasiýa gullugyna barypdy.

Şol güni öýlän sagat 17 töweregi polisiýa Stambulyň Çekmeköý etrabyndaky öýünden 35 ýaşly Kamil Abulowy ýygnady.

19-njy oktiýabrda irden Abulow deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. Polisiýanyň onuň gelnine aýtmagyna görä, Abulow Türkmenistanyň konsulhanasynyň talap edýän 28 aktiwistiň sanawyna girýär.

Abulow 1-nji awgustda Türkmenistanyň konsulhanasynyň öňünde rugsat edilmedik mitingi geçirmäge synanyşanlarynda polisiýanyň tutan aktiwistleriniň hataryna girýär.

THF-niň maglumatlarynda ýörite gulluklaryň daşary ýurtlardaky aktiwistleriň Türkmenistandaky hossarlaryna hem basyş edýändigi aýdylýar.

Oppozisiýa bloggeri we birnäçe protest aksiýa gatnaşan Azat Haýytbaýewiň 51 ýaşly ejesi Täzegül Öwezowa MHM-ä çagyrdylar.Ol ýakynda ýürek infarktyny başdan geçirenden soňrä saglygyny dikeltýändigi üçin baryp bilmejekdigini aýdypdyr.

22-nji sentiýabrda MHM-niň işgärleri oppozisiýa hereketlerini togtatmagy üçin ogluna täsir etmegini Öwezowadan talap edipdiler. Haýytbaýew türkmen konsulhanasynyň gözleýän raýatlarynyň sanawyna hem girýär.

Türkiýede ýaşaýan ýenede bir aktiwistiň gürrüň bermegine görä, golaýda polisiýa onuň ýetginjek wagty alty aýlap ýazgyda bolan adresine barlaga bardy.The post Türkiýede iki sany türkmen aktiwistini tutdylar we deportasiýa merkezlerine ýolladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar 
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
Idlibe howa hüjümi guraldy
'Türkmen depderleri'. Dürli ýurtlardan bolan aktiwistler başga pikirliligiň türkmen taryhyna degişli proýekt döretdi
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar