Türkiýede saklanan türkmen aktiwisti açlyk yglan etdi

Türkiýede saklanan türkmen aktiwisti açlyk yglan etdi

Türk häkimiýetleri tarapyndan saklanan türkmen aktiwisti Ahmet Rahmanow türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anti-sosial syýasatyna garşy protest hökmünde 22-nji oktýabrda gury açlyk yglan etdi. Bu barada 25-nji oktýabrda Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy beýanat bilen çykyş etdi.

“Men Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meselelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi umyt edýärin” diýip, Rahmanow Türkmen Helsinki fondunyň çeşmesine aýtdy.

Maglumata görä, Stambulyň golaýyndaky Tuzla deportasiýa merkezinde 47 ýaşly Rahmanowyň açlyk yglan eden ilkinji gününde, oňa başga-da türkmenler goşulypdyrlar. Merkezde esasan möhleti geçen dokumentleri bilen bagly meseleleri boýunça ýüzlerçe türkmenistanly saklanýar. Olar sekiz adama niýetlenen konteýnerlere çalymdaş otaglarda saklanýarlar.

Hukuk toparynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, merkeziň ýolbaşçylary şu aýyň aýagyna çenli “ähli saklananlaryň meselesini çözmäge” wada beripdirler. Mundan soň, açlygy diňe Rahmanow dowam etdirip, ol eýýäm tapgyr dördünji gün iýmitden ýüz öwürýär. Rahmanowyň töweregindäkiler ony azyndan suw içmäge çagyrýarlar.

Rahmanow 18-nji oktýabrda Antaliýada tussag edilipdi. Ol “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň sosial media hasaplarynda administrator ekeni. Ol mundan ozal sosial ulgamlarda türkmen hökümetini aç-açan tankyt etdi. Ahmet Rahmanow fewral aýynda daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň, şol sanda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň pasport problemalary boýunça Azatlyk Radiosyna wideo interwýu beripdi.

Soňky wagtlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler ýygjamlaşdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda ynsan hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň açyk ýaşlar çempionatynda bäş medal gazandylar
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert