Türkmen banky täze VISA Virtual bank kartyny işe girizdi

Türkmen banky täze VISA Virtual bank kartyny işe girizdi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky daşary ýurt internet dükanlaryndan ygtybarly söwda etmek we olaryň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin niýetlenen VISA Virtual bank kartyny işe girizdi. Bu barada “Orient” internet neşiri penşenbe güni habar berdi.

Bu sanly kart maddy däl bolup, VISA Virtual bank karty resmileşdirilenden soň müşderä kartyň diňe maglumatlary, ýagny, onuň kart belgisi, hereket ediş möhleti we tassyklaýyş kody berilýär. Bu maglumatlar internet arkaly tölegleri geçirmek üçin ýeterlikli bolup durýar.

Müşderiler VISA Virtual bank kartyny Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň şahamçasynda arza doldurmak, şahsy pasportyny görkezmek we onuň nusgasyny tabşyrmak arkaly açdyryp bilerler. Şeýle hem Virtual bank karty açdyrylanda müşderi başlangyç mukdary hasabyna goýmaly. Pul serişdeleri bank kartyna ABŞ-nyň dollarynda salynýar we onda saklanylýar.

VISA Virtual bank kartyny açdyrmak isleýän raýatlar goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Aşgabatdaky Baş edarasyndan we şahamçalaryndan, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher şahamçasyndan alyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer
Türkmenistanda birinji synpa barýan okuwçylaryň sany bir ýylda iki esse azaldy
Balkanda we Maryda 1-nji synpa baran okuwçylaryň sany geçen ýyldakydan tas 50% az boldy
Türkmenistanyň Karate federasiýasy Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiiň Hormat hatyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmen metbugaty birinji synp okuwçylarynyň sanyny "köpeltdi", mekdeplerde barlag başlandy