Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan döredijilik bäsleşigi jemlendi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan döredijilik bäsleşigi jemlendi

24-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi Edebiýat we sungat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlar, žurnalistler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar türkmen bedewini wasp edýän goşgulardyr makalalary bilen gatnaşdylar. Poeziýa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna Öwez Gurbanýazow, makala žanry boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew mynasyp boldy.

Şeýle-de döredijilik bäsleşiginde 2-3-nji orunlara eýe bolanlara Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Ekologiýa žurnalynyň täze sany Hazar tematikasyna ünsi çekýär
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag şäheri ösüşleriň buşlukçysy