Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre

Şu gün Türkmen Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda maslahat guraldy.Maslahatyň çäklerinde bu ýerde sergi ýaýbaňlandyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň girelgesinde geçirilen sergä ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary, şol sanda halkara guramalary diwarlyklary bilen çykyş etdiler.

Azerbaýjan, Eýran, Malaýziýa, Russiýa, Türkiýe, Katar, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Watikan, Liwiýa, Fransiýa, Italiýa bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalary sergi diwarlyklarynda öz ýurdunyň aýratynlyklary bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn orun berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri sergi diwarlyklaryny aýlanyp gördüler. Daşary işler ministri Meredow her ýurduň sergi diwarlygynda şol ýurtdaky Türkmenistanyň ilçisi bilen bilelikde diwarlykdaky tanyşdyrylýan gymmatlyklar hakynda maglumat aldylar.

Sergi daşary ýurtlaryň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Diwarlyklarda ýurtlaryň syýahatçylyk ýerleri barada maglumat berýän kitaplar, kartalar, öz dillerinde we türkmen dilinde çap edilen kitaplar we dürli gollanmalar bar.Mundan başga-da Ermenistan, Eýran, Katar, Liwiýa, Hytaý, Täjigistan, Türkiýe we beýleki döwletler öz diwarlygynda milli tagamlaryny we içgilerini hem hödür etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar