Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?

Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili, edebiýaty we halk döredijiligi institutynyň alymlary ýaňy-ýakynda daşary ýurt dillerinden alnan alynma sözleri olaryň milli ekiwalentleri bilen çalyşmak boýunça teklip hödürledi.

Dilçiler şu wagta çenli 30 çemesi sözüň milli ekiwalentini taýýarlapdyrlar.

Türkmenistanda hem köpýyllyklaryň dowamynda alynma sözler babatynda aýratyn tagallalar göze ilýär. Hususan-da, resmi metbugatda şeýle sözler mümkin boldugyndan millileşdirilmäge synanyşylýar.

'Programma' sözüne derek 'maksatnama', 'plan' sözüne derek 'meýilnama', 'rekomendasiýa' sözüne derek 'teklipnama', 'reklama' sözüne derek 'mahabat' ýaly sözler ýyllarboýy ýaýbaňlanýar.

Pragada ýaşaýan türkmen dilçisi, ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally şeýle synanyşyklarda bir daşary ýurt alynma sözüniň başga bir daşary ýurt sözi bilen çalşyrylýandygyny, türki köklerden gelýän sözlere bolsa, mydama ýykgyn edilip barylmaýandygyny aýtdy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany häzirki zaman türkmen dilindäki alynma sözleri millileşdirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara syn edýär.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky protestleriň fonunda Lebapda Internetiň hili ep-esli peseldi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri
Zelenskiý aňtaw üçin Telegramy ulanandyklaryny aýtdy we "Maksy" nyşana aljakdyklary barada söz berdi
Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär