Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew çarşenbe güni Fransiýanyň öňdebaryjy “Beyond Investments Group” konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän “The Investor” atly halkara neşiriň redaksiýasynyň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler Türkmenistan bilen “The Investor” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine we ony ösdürmegiň, bilelikde iş alyp barmagyň ugurlaryna, şol sanda maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Žurnalyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanyny çap etmek meýillerine aýratyn üns berildi. Leandro Slowinski dünýäniň işewürler jemgyýetine tanyşdyrmak maksady bilen ýurduň ykdysady kuwwatyklaryny çuňňur öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Redaksiýanyň direktory “The Investor Turkmenistan 2024” atly taslamanyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Leandro Slowinski “The Investor Turkmenistan 2024” taslamasynyň dünýäniň işewürler jemgyýetine Türkmenistany tanyşdyrmakda täsirli gural boljakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda žurnalyň ýörite sany üçin makalalary taýýarlamak we ýurduň Hökümet edaralarynyň esasy wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek üçin Leandro Slowinskiniň geljekde Türkmenistana boljak saparynyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirildi.

“Beyond Investments Group” dünýäniň dürli şäherlerinde şahamçalary bolan öňdebaryjy konsalting we metbugat kompaniýasydyr. Kompaniýa ösýän bazarlar barada iň soňky maglumatlardyr täzelikleri tanyşdyrmaga ýöriteleşip, onuň umumy maýasy 60 milliard ABŞ dollaryndan geçýän 48 ýurtdan bolan 165 müňden gowrak maýadarlaryň ulgamyna elýeterliligi bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-inde The Investor žurnalynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly halkara maslahat
Türkmenpoçta PAK elektron poçtasynyň onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwyny ýola goýdy
Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel-2020” atly halkara maslahat
Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler
“Türkmentel-2020”: telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar