Ilkinji suwüsi ýel bekedini işe girizdi

Fransiýada 400 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edip biljek ilkinji suwüsti ýel bekedi işe girizildi. Önümçilik kuwwaty 480 megawat bolan desga ýurduň günbatarynda, deňiz kenaryndan 20 kilometr uzakda ýerleşýär.

Bu ýerde 80 ýel turbinasy gurlupdyr.Sen-Nazer atly port şäherine ýakyn bolan desga Atlantik Laura sebitiniň ilatynyň sarp edýän elektrik energiýasynyň 20 göterimini üpjün eder.Taslama Fransiýanyň “EDF Renewables”, Kanadanyň “EIH Sarl” we “CPP Investments” şerkeketleri tarapyndan bilelikde durmuşa geçirildi.

“Enbridge” kompaniýasy Demirgazyk Amerikada nebit geçirijisini işletmegi bilen tanalýar.Emma kompaniýa soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalaryny hem durmuşa geçirmäge goşant goşýar.Bu kompaniýanyň Fransiýada gurluşygy dowam edýän ýene-de üç taslamada hem hyzmatdaşlygy bar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Al Monako gaýtadan dikeldilýän energiýanyň şereketiň strategiýasynyň uly bölegini emele getirýändigini we “ýaşyl” energiýa bolan ýokary isleg sebäpli Ýewropanyň 100 gigawatlyk mümkinçilik hödürleýändigini belleýär.

Bu taslama 10 ýylda durmuşa geçirilipdir. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurtdaky gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalarynyň tamamlanmagy üçin gerek bolan wagty iki esse azaltjakdklaryny aýtdy. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli sarp edilýän energiýanyň üçden biriniň arassa çeşmelerden üpjün edilmegi maksat edinilýär. 2050-nji ýyla çenli bolsa, 50 töweregi suwüsti ýel energiýa beketleri gurlar.

Hajybibi Şajanowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

“Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
Oskaryň taryhynda ilkinji gezek
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary