Türkmenistanyň DIM-inde The Investor žurnalynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-inde The Investor žurnalynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň Beyond Investments Group kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän The Investor halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen The Investor žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleýin tanatmak üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar žurnalyň Türkmenistan barada ýörite sanyny neşir etmek mümkinçiligine garadylar.

The Investor žurnalynyň direktorynyň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki saparynyň çäginde ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary meýilleşdirilýär.

The Investor Beyond Investments Group fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine girýän, halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiri bolup durýar. Kompaniýa ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşendir we umumy maýa goýumlary 60 milliard dollardan gowrak bolan 48 ýurtda 165 müňden gowrak maýa goýujylaryň toruna girmäge mümkinçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
2022: Türkmenistanda GDÝMG $936 milliona deň boldy
McAfee antiwiruslaryny öndüriji 14 milliard dollara satyldy
Gury ýerdäki iň uly beket
Alternatiw energiýa üçin hyzmatdaşlygy ýola goýdy