Türkmen dizaýneri Marokkoda geçirilen moda hepdeliginde lybaslar toplumyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Marokkoda geçirilen moda hepdeliginde lybaslar toplumyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirkuliýewa Marakeş şäherinde geçirilen “Maroc Fashion Week 2026” çäresine çagyrylan gatnaşyjylaryň hataryna girip, halkara meýdançada öz taýýarlan lybaslar toplumyny hödürledi. Bu barada çäräniň sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Çäre 911-nji aprel aralygynda geçirilip, dürli ýurtlardan dizaýnerleri, moda pudagynyň wekillerini hem-de satyn alyjylary bir ýere jemledi. Bu meýdança Marokkonyň milli moda pudagyny dünýäniň ýokary derejeli segmentinde ösdürmäge bolan islegini görkezýär.

“Maroc Fashion Week 2026” çäresinde halkara dizaýnerleriň ýagny, Shuxuan G-niň (Hytaý), Göwher Guwerne-Pirkuliýewanyň (Türkmenistan) we Klod Patrigiň (Fransiýa), şeýle hem Marokkonyň “Molida” brendiniň lybaslar toplumy görkezildi. Gatnaşyjylar milli aýratynlyklary häzirki zaman dünýä tendensiýalary bilen utgaşdyrýan ýokary modanyň täzeçe garaýşyny synladylar.

Şeýle hem çäräniň dowamynda “Max Mara” we “Gérard Darel” ýaly meşhur brendleriň, şeýle hem täze brendleriň lybaslar toplumy görkezildi.

“Maroc Fashion Week” Marokkodaky ilkinji moda hepdeligi hökmünde çykyş edip, döredijilik senagatyny ösdürmäge hem-de milli modanyň däp bolan we häzirki zaman görnüşlerini giňden tanatmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dizaýneri “Azerbaijan Fashion Week” moda görkezilişine gatnaşdy
Kino sungatynyň ägirdi, meşhur režissýor aradan çykdy
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Dabarany Keke Palmer alyp barar
37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS