Türkmen dizaýneri “Azerbaijan Fashion Week” moda görkezilişine gatnaşdy

Türkmen dizaýneri “Azerbaijan Fashion Week” moda görkezilişine gatnaşdy

Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewa - Guwerne “Azerbaijan Fashion Week” moda görkezilşiniň çäklerinde sişenbe güni Bakuda geçirilen “Oriental Fashion Show” çäresinde öz täze işleriniň ýygyndysyny tomaşaçylara hödürledi.

Dizaýner Göwher Pirkuliýewa Guwerne AZERTAC habarlar agentligine beren interwýusynda görkezilen her bir döwrebap lybaslary özboluşly many-mazmuna eýe bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň we gündogar halklarynyň umumy medeni mirasyny alamatlandyrýandygyny belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda türkmen dizaýneri esasy ünsi milli aýratynlyklara berip, ýurduň bäş welaýatynyň her biriniň özüne mahsus bolan nagyşlary we bezegleri lybaslaryň üsti arkaly sazlaşygyny açyp görkezdi.

“Oriental Fashion Show” çäresine jemi dokuz döwletiň dizaýnerleri gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistan, Azerbaýjan, Oman, Müsür, Bahreýn, Marokko, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri bar.

“Oriental Fashion Show” — ýokary moda bilen gündogar stillerini birleşdirýän, 2004-nji ýylda döredilen we 50 ýurtdan ýüzden gowrak dizaýneri tanadan halkara çäresidir. Şu gün bolsa “Oriental Fashion Show” moda sungatynyň, döredijiligiň we medeniýetiň bähbidine öz ýoluny üstünlik bilen dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy
Türkmen dizaýneri Marokkoda geçirilen moda hepdeliginde lybaslar toplumyny hödürledi
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Dabarany Keke Palmer alyp barar
37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS