Türkmen egin-eşik haryt nyşany Däp öz önümlerini Trendyol-da satyp başlady

Türkmen egin-eşik haryt nyşany Däp öz önümlerini Trendyol-da satyp başlady

Däp satuwlarynyň geografiýasyny giňeldýär. Türkmen egin-eşik haryt nyşany Türkiýäniň iň meşhur söwda gurşawlarynyň biri bolan Trendyol-yň onlaýn-tekjesinde peýda boldy.

Indi özüniň gaýtalanmajak dizaýny bilen türkmen halkynyň özboluşly medeni gymmatlyklaryny we däplerini şöhlelendirýän Däp haryt nyşanly çäkli sanda öndürilýän egin-eşik toplumlary daşary ýurtly alyjylar üçin hem elýeterli bolar.

Trendyol-da haryt nyşanyny gözleg bölümine Dap clothing diýip ýazmak arkaly tapyp bilersiňiz.

Internet-meýdançanyň alyjylary üçin haryt nyşanynyň dürli önümleri eýýäm elýeterli edildi, olaryň hatarynda Däbiň iň köp satylan önümleri hem bar: Alabaý, At şekilleri ýerleşdirilen we Göz degmesin ýazgyly köýnekçeler.

Däbiň Trendyol-da hödürlenýän harytlarynyň görnüşleri bilen şu salgyda has ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjylary haryt nyşanynyň Aşgabatdaky ýörite dükanlaryna baryp bilerler: Aşgabat SDAM (B-1.32) we Berkarar SDAM (B57B).

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Wenesuela ABŞ-dan bikanun bosgunlary yzyna getirmek üçin uçar ugratdy
Trendýol Super Liganyň 37-nji hepdesi tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 25 esse ýokarlandy
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 22 million dollara ýetdi
Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda $22 milliona deň boldy
Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda $22 milliona deň boldy