Türkmen-german forumy

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi.

Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, şolara laýyklykda, ýokarda ady agzalan forumy şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Dekabrda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan Germaniýanyň kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda hyzmatdaşlyk eder
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkezi açyldy
TÜRKMENISTAN—GERMANIÝA: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip
Berlinde we Londonda Türkmenistanyň işewürlik, maýa goýum forumlary geçiriler