Türkmen-german hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler. Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak däplerini dowam etmek maksady bilen tagallalary ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýän iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi
13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary