Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 11 medal gazandylar

Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 11 medal gazandylar

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen gimnastikaçylary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar.

26-njy awgustda, ýaryşyň birinji gününde türkmen ýygyndy toparynyň wekilleri medallaryň 11-sine eýe boldular. Şolaryň ýedisi altyn, dördüsi bolsa kümüş medallardyr.

Guralsyz çykyş etmek boýunça Hatyja Akmyradowa (2014), Sofiýa Bens (2015), Ilianna Tokarewa (2016) altyn medallara eýe boldular. Narmina Abbasowa (2015) hem-de Ameliýa Bens (2014) dagy bolsa şu görnüşden kümüş medal aldy. Toply çykyş etmek boýunça Mahym Gurbanowa (2013) altyn, Leýli Batyrowa (2013) kümüş medallary eýelediler. Bulawaly çykyş etmek boýunça Aşgabat şäherinden Fatima Kambarowa (2012) hem altyn medal gazandy.

Sara Gulberdiýew (2011) hem-de Mähri Pomanowa (2011) uly halkaly çykyş etmek ýaryşlarynda iň gowy netije görkezdiler we altyn medal aldylar. Aýsen Abdyllaýewa (2011) uly halkaly çykyş etmekde ikinji orna eýe boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň çykyşlary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaş gimnastikaçylar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Daşkentde türgenleşik geçdiler
Türkmenistanly gimnastikaçylar Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 20 medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy