Türkmen gurluşyk firmasy türk işçileriniň aýlyk haklaryny bermeýär (wideo)

Türkmenistanyň “Çeper Gurluşyk” gurluşyk firmasy özüniň ozalky işgärleriniň Türkiýeden işe çikilen hünärmenleriň aýlyk haklaryny bermeýär. Bu barada “Turkmen Yurt TV” saýtynda habar berilýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkiýäniň raýatlary Aşgabatda 2015-nji ýylyň oktýabryndan 2016-njy ýylyň awgustyna çenli işläpdir we şonda olaryň aýlyklaryny tölemegi bes edipdirler. Işçiler aýlyklarynyň berilmegini talap edip, işe çykmakdan ýüz öwrenlerindne soň, olary Türkmenistandan çykarypdyrlar.

Aýdylmagyna görä, türkmen firmasynyň 30 sany türk işçisine $500 müň begisi bar.

Gurluşykçylar Türkmenistanyň Ankaradaky konsullygyna ýüz tutdylar, şeýle-de Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana bu meseläniň oňyn çözülmegine kömek bermegini sorap, arza bilen ýüz tutdylar. Olaryň wideoýüzlenmesi АНТ -da, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň websaýtynda çap edildi.

“Turkmen Yurt TV” saýtynyň maglumatyna görä, 4-nji awgustda “Çeper Gurluşyk” kompaniýasynyň hasapçysy pul serişdeleriniň indiki hepde geçiriljekdigini, häzir kompaniýanyň konwertasiýa problemasynyň bardygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystan ABŞ bilen tussaglylary çalyşmaga taýýar
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen söwdasy $2,6 milliarddan geçdi
Türkmenistanda GDA kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 478 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz