Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär

Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde soňky günlerden bäri YouTube, TikTok, Instagram ýaly sosial torlarda degişlilikde meşhur bloggerler polisiýa tarapyndan soraga çekilýär. Olara ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary ýerleşdirmek tabşyrylýar, ýogsa-da türme tussaglygy bilen haýbat atylýar. Dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň birindäki çeşmämiziň howpsuzlygy jähtinden anyk adam we ýer atlaryny häzirlikçe äşgär etmeýäris.

Metbugat azatlygyny berk çäklendirýän Türkmenistanda meşhur sosial torlar, garaşsyz habar saýtlary petikli saklanýar. Emma ulanyjylar, hususan-da ýaşlar dürli sowa geçiş ýollary, şol sanda VPN ulgamlary arkaly sosial torlarda hasap ýöredýärler, şeýle-de olaryň üsti bilen dürli harytlary ýa-da hyzmatlary hödürleýärler.

Soňky birnäçe günden bäri ýurduň gür ilatly sebitleriniň birinde degişlilikdäki meşhur bloggerler polisiýa tarapyndan köpçülikleýin soraga çekilýär. Olaryň arasynda dürli harytlaryň mahabatyny edýän, öz durmuşy barada gürrüň berýän... garaz, dürli ugurlar boýunça sosial torlarda işjeňlik görkezýän bloggerler bar.

Ýöne olardan edilýän talap bolsa, bir: diňe Türkmenistany gülläp-ösýän şekilde görkezýän maglumatlar paýlaşylmaly, ýagny şadyýan çagalar görkezilmeli, diňe kaşaň binalaryň öňündäki suratlar paýlaşylmaly.

Azatlyk bloggerlere edilýän bu basyş barada gürrüňi gidýän sebitiň häkimliginden, polisiýasyndan, galyberse-de prokuraturasyndan maglumat alyp bilmedi.

Ýöne sebitdäki çeşmämiz, muny golaýda PÝGG işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýandygy baradaky wideonyň ýaýramagy bilen baglanyşdyrylýandygyny aýtdy.

Soraga çagyrylan bloggerlere mazmun babatyndaky çäklendirmeler barada dil üsti bilen duýduryş berilýär.

Polisiýa mundan soň hökümete garşy tankydy bir post paýlaşylsa, ýa hatda bular ýaly mazmunly maglumata goldaw teswiri galdyrylsa, onda munuň “hökümete garşy hereket” hökmünde häsiýetlendiriljekdigi bilen haýbat atýar. Polisiýa aýdyňlaşdyrmazdan, türme tussaglygy bilen hem gorkuzýar.

Bloggerleriň mazmunyna gözegçiligi güýçlendirmek bilen birlikde, sosial torlarda, esasan hem toýlarda we gelinaljylarda köçe ýol hereketini bozan ýaly bolup görünýän sürüjiler hem anyklanýar. Olara degişli jerime ýazylýar we ol tölenmeýänçä ulagy polisiýanyň duralgasynda saklanýar.

Çeşmämiziň näresmi ýagdaýda gürleşmegi başaran polisiýa işgärleriniň käbiri häkimiýetleriň dil üsti bilen berýän bu talabyndan hoşal däldigini aýdýarlar.

Türkmen kanun goraýjy gulluklary mekdeplere we döwlet edaralaryna hem öňünden yglan edilmedik reýdleri wagtal-wagtal geçirýärler. Olaryň dowamynda okuwçylaryň we işgärleriň telefonlary mümkin hökümete garşy tankydy maglumatlar boýunça seljerilýär.

Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň söz azatlygy kepillendirilýär. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň içinde hökümete garşy duýga ýol berilmeýändigini we teswirleri Berdimuhamedowlaryň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlaryň dessine sem edilýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär
Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady
'Akylly' şäheriň açylyşyna haýal Internet kölege saldy
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Sekuntda üç saýt döredilýär
Turkmen.news: Meşhur blogger Aşgabatda öldürildi