Türkmen halkynyň Milli Lideri Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada iş saparynda bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň döwletara dialogynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Şunda Çalyk Holding kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygy nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

Çalyk Holding kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenar ýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly görnüşdäki elektrostansiýa bolsa, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.

Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurtda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagynyň türk holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi
Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,5 milliard dollara barabar boldy