Türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenkony gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenkony gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, älem giňişligini özleşdirmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şu gün Oleg Kononenko 59 ýaşady.

1964-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde doglan Oleg Kononenko şu wagta çenli 2008-nji, 2011-nji, 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda dört gezek kosmosa uçuşy amala aşyrdy. Ol kosmosda 736 gün 18 sagat 43 minudyny kosmosda geçirdi. Şonuň 32 sagady açyk kosmos giňişliginde geçirilendir.

Oleg Kononenko 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Kononenko üçin äleme ýörite sowgat eltiler
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony gazanan dünýä rekordy bilen gutlady
Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar