Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we bu guramanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine egsilmez mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy dowam etdirer diýlip, hatda bellenilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy