TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY WE TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ýokarlanýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäherinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilýär.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

WELI MUHADOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 110 ÝYLLYGY MYNASYBETLI KONSERT ÝAÝBAŇLANDYRYLDY
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Kazanda geçiriljek Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum atly halkara ykdysady foruma gatnaşar
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
ARKADAG WE AL-NASSR FUTBOL TOPARLARY DUŞUŞDY
ROSSIÝA SEGODNÝA HHA-DA TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝADAKY ILÇIHANASYNYŇ HEM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI