2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Moskwa şäherinde Rossiýa segodnýa Halkara habarlar agentliginde (HHA) Rossiýa segodnýa HHA-nyň baş redaktorynyň orunbasary we Sputnik multimedia merkezleriniň GDA we Baltiýa ýurtlary boýunça Müdirliginiň direktory A.Blagodyrenko bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň metbugat attaşesi G.Çopanowanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy S.Malininanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Sputnik habarlar agentliginiň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek çäreleri beýan etmäge gatnaşmagy, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de maglumat giňişliginde GDA-nyň oňyn abraýyny ilerletmek barada pikir alyşmalar boldy.
