Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda milli baýlygymyz bolan Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik” atly dabaraly çäre geçirildi.

Dabara kitaphana işgärleri, haly sungatyna sarpa goýýan halyçy gelin-gyzlarymyz we myhmanlar gatnaşdylar. Çärede türkmen halysynyň halkymyzyň milli buýsanjy, gadymy medeniýetimiziň ajaýyp nusgasy we zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň beýik miwesi bolup durýandygy barada täsirli çykyşlar edildi.

Türkmen halysynyň diňe bir öýleriň bezegi bolman, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, gözellik duýgusyny, zähmetsöýerligini we milli däp- dessurlaryny özünde jemleýän mukaddes gymmatlykdygy nygtaldy.Haly gölleriniň her birinde halkymyzyň taryhy, arzuw-islegi, durmuş pelsepesi we Watana bolan söýgüsi şöhlelenýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady
Aşgabat parahatçylygyň şäheri
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Gözellik nusgasy türkmen halysy
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlary wagyz edildi