Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy

Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek  resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy

Türkmenistanyň ýolbaşçysy dünýä ýaýran howply koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda koronawirus bilen bagly kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi. Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapdy. Şu günki gün türkmen-owgan serhedi ýapyldy. Onuň öňüsyrasynda Eýran bilen we üç hepde mundan öň Özbegistan bilen serhetler ýapyldy.

Türkmenistan Owganystan bilen döwlet serhedini ýapdy. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň 26-njy fewralda habar bermegine görä, türkmen-owgan serhedindäki "Turgundy" serhet geçelgesi owgan resmileriniň bu ýurtda koronawirusyň anyklanmagy barada eden çykyşy bilen bagly bolupdyr. Häzir iki ýurduň arasynda awtomobil we demirýol gatnawy doly ýatyryldy.

"Turgudy" serhet geçelgesiniň resmisi Jahangir Jahangiriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, döwlet serhediniň doly ýapylmagy Hyrat welaýatynda koronawirusyň tapylmagy bilen bagly bolupdyr.

"Resmiler Hyratda tapylandygyny aýdýarlar, bar zat ýapyldy, açylmaýar" diýip, Jahangir aýtdy we Hyrata Türkmenistanyň hökümet toparynyň ýagdaýy öwrenmek üçin barmagyna gatnaşýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosyna bu barada türkmen resmilerinden maglumat almak başartmady.

Bir gün öň Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapdy. Eýran resmileri ýurda koronawirusdan 16 adamyň ýogalandygyny we 100-den gowrak adamyň, şol sanda saglygy saklaýyş ministriniň orunbasarynyň kesellänligini habar berýärler.

Serhetleriň ýapylmagy transport gatnawyna we ýük daşaýjylara öz täsirini ýetirdi. Bu barada serhetde galan ýük ulag sürüjiler Azatlyga habar berdiler.

"Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşaýan Gyrgyzystanyň ýük ulag sürüjileriniň adyndan kömek soraýarys! Biz Eýranyň Türkmenistan bilen serhetlerinde Lýuftabad-Artyk we Serahs geçelgeleriniň ýapylmagy zerarly geçip bilmän galdyk" diýip, Azatlyga 26-njy fewralda ýük ulag sürüjilerden gelen hatda aýdylýar.

Hytaýda we onuň daşynda koronawirus bilen bagly ýagdaýlaryň esli köpelmegi, COVID-19 keseliniň demirgazyk-gündogar Aziýada, Ýakyn Gündogarda, we Ýewropada döremegi, onuň öňüni alyp bolmajagy baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi. 26-njy fewralda kesel dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda hasaba alyndy.

Bu ýagdaýda türkmen hökümeti koronawirus problemasyny ilkinji gezek resmi derejede agzady.

25-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen hökümetiniň, keselleriň ýaýramagy boýunça adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasynyň we saglygy saklaýyş ministriniň gatnaşmagyndaky maslahatda eden çykyşynda "howply infeksiýa berk germew goýmaga" we "dürli ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň" zerurdygyny aýtdy. Bu barada ýurduň döwlet metbugaty habar berdi.

Şeýle-de, prezident serhet geçelgelerinde, halkara aeroportlarda, deňiz we derýa, awtomobil, demirýol transportynda we wokzallarda gündeki esasda degişli çäreleri geçirmegi talap etdi.

Türkmen häkimiýetleri çäreleriň "ýörite planyň esasynda" geçirýändigini hasabat berdi we daşary ýurtlardan gelýän raýatlara gözegçilik edilýändigini, olaryň karantine salynýandygyny, keseliň dörän ýurtlaryndan gelýänleriň gelmeginiň çäklendirilendigini mälim etdiler.

Türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri mälim etmegi Hytaýdan baran türkmen raýatlarynyň ýüzlerçesiniň karantinde saklanýandygy, aeroportda medisina işgärleriniň türgenleşige gatnaşdyrylýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurtdan barýanlar koronawirus bilen baglylykda barlagdan geçirilýär we karantine salynýar. Bu barlaglar daşary ýurtlularyň öz hasabyna amala aşyrylýar.

Daşary ýurtlularyň koronawirusyň alamatlary bolmazdan, keselhana äkidilmegi we barlaglar üçin talap edilen pul tölenýänçä olaryň zor bilen saklanýandygy, dokumentleriniň yzyna berilmeýändigi barada ençeme waka barada soňky günlerde mälim boldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çap eden täze maglumatyna görä, Türkmenistanda medisina analizler we karantine salynmagy daşary ýurtlular üçin azyndan 300 dollara durýar. Bu karantinden geçýän adamyň hasabyna amala aşyrylýar.

18 fewralda ABŞ we Beýik Britaniýa koronawirus bilen baglylykda öz raýatlary üçin ýaýradan maglumatlarynda Türkmenistana barýanlaryň karantine düşmeginiň ähtimaldygyny duýdurdylar we gan tabşyrmak ýaly medisina barlaglaryndan saklanmaga çagyryp, Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň hiliniň gowşakdygy bilen düşündirdiler.

​25-nji fewralda türkmen hökümeti ýurtdaky epidemiologiýa ýagdaý boýunça günde hasabat taýýarlanýandygyny we Bütindünýä saglyk gurmasynyň hasabatlarynyň öwrenilýändigini mälim etdi. Emma muňa garamazdan, resmiler we döwlet habar beriş serişdeleri bu maglumatlardan ilaty habarly etmän gelýärler. Maglumat ýetmezçiligi bolsa, ilatda aladalanmalary güýçlendirýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýokanç keselleriň statistikasyny ýyllarboýy çap etmän gelýärler. Şol sanda WIÇ/SPID, gepatit, inçekesel we beýleki ýokanç keseller bilen kesellänleriň sany köpçülige elýeterli däl. Muňa garamazdan, türkmen ýolbaşçylary ýurtda howply infeksiýalara garşy berk germew goýlandygyny yglan edýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Geteralar territoriýasy: türkmen geýleri yzarlanmadan nähili gaçýarlar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady
Darganataly çagalaryň arasynda sarygetirme ýaýraýar