Türkmen howaýollarynyň Aşgabatdan Moskwa reýsi ýatyryldy

Türkmen howaýollarynyň Aşgabatdan Moskwa reýsi ýatyryldy

Türkmen howaýollarynyň Aşgabatdan Moskwa reýsi ýatyryldy. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri habar berdiler. Bu baradaky maglumat Moskwanyň Domodedowa aeroportunyň websaýtynda hem peýda boldy.

Domodedowa aeroportunyň websaýtyndaky maglumata görä, Aşgabat Domodedowa ugry boýunça T5 703 belgili reýs Moskwa 1-nji awgustda ýerli wagt bilen 21:15-de gonmalydy. Tabloda türkmen howaýollaryna degişli bu reýsiň ýatyrylandygy görkezilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, reýs iki tarap boýunça-da, hem Moskwa we yzyna Aşgabat ugurlary boýunça ýatyrylypdyr. Şol bir wagtda, Kazan ugry boýunça meýilleşdirilen reýsler saklanyp galýar.

Reýsiň ýatyrylmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Türkmen howaýollarynyň edaralaryndan maglumat almak başartmady.

Türkmenistandan Russiýa uçuşlary Türkmen howaýollary we Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy amala aşyrýar.

“Moskwa ähli reýsleriň ýatyrylandygyny ýazýarlar. Kazana uçuşlar entek amala aşyrylýar. S7-iniň reýsleriniň ýagdaýy belli däl” diýip, Azatlygyň çeşmesi 1-nji awgustda habar berdi.

Türkmenistanda Russiýanyň şäherlerine bolan reýslere uly talap bildirilýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Moskwa biletleriň şu ýylyň dekabryna çenli eýýäm satylyp gutarandygyny aýdýar.

Azatlygyň redaksiýasy reýsleriň ýatyrylmagynyň jikme-jiklerini we sebäplerini öwrenmäge synanyşýar.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Lebaply ekerançylar şu ýyl 47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
HYYÖU-nyň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy
Aždarhanyň öýüniň ikinji möwsümi 2024-nji ýyldan bärde çykmaz