Türkmen-hytaý hökümet saparlaryny guramak maslahatlaşyldy

Türkmen-hytaý hökümet saparlaryny guramak maslahatlaşyldy

Şu gün daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.Bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksadyndan ugur alyp, taraplar Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary, şol sanda ýokary derejeli duşuşyklary, özara döwlet, parlament we hökümet saparlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler.

Diplomatlar halkara meselelerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň maksatlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşligini mälim etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda, diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmen-hytaý gatnaşyklary işjeň ösdürilýär
Aşgabatda Hytaýyň Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy