Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri Hytaýyň Guanžou şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berilýär.

33-nji China Import and Export Fair (Canton Fair) sergisi 2023-nji ýylyň 15-nji apreli we 5-nji maýy aralygynda geçiriler. Oňa hytaýly we daşary ýurtly kompaniýalaryň 26 müňe golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

TSTB-niň resmi web sahypasynda çap edilen bildirişe laýyklykda, gyzyklanma bildirýän taraplar goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +99312 21-23-64

Belläp geçsek, Canton Fair sergisi, esasan, eksport we import üçin giň meýdança bolup durýar. Serginiň dowamynda dünýäniň dürli künjeginden gelen telekeçiler maglumat alyşýarlar we işewür gatnaşyklar guraýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işleri başlanýar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi 5 gün dowam eder we beýleki habarlar
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen önümleri “Korean Import Fair” halkara sergisinde görkezildi
Türkmen işewürleri Guançžouda geçiriljek “Canton Fair” ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanly işewürler Nýu-Delide geçiriljek köpugurly sergä gatnaşmaga çagyrylýar
Dünýäniň Kubogynyň täze eýesi Ispaniýanyň ýygyndysy