Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.K-1 görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy.

Full-kontakt görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kilograma çenli agram derejede altyn medaly eýeledi.Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň agzasy Ýazberdi Paýanow (57 kilograma çenli) kümüş medaly eýeledi.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akmyrat Akyýew (67 kilograma çenli) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna wekilçilik edýän Muhammet Gurbanow (81 kilograma çenli) üçünji orunlara çykdylar.Türkiýe Respublikasynda her ýyl geçirilýän kikboksing boýunça Halkara kubogynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan iki müňden gowrak türgen hormat münberleriniň baýrakly orunlary ugrunda bäsleşýärler. Şeýle ýiti bäsdeşlige garamazdan, geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ildeşlerimiziň bäşisi abraýly dünýä sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolmak bilen, Durnuklylyk ussatlygyň alamatydyr diýen hakykaty tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

08.04.2019 | Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular
Türkmen kikboksing türgenleri Finlýandiýanyň açyk çempionatynda 12 medal gazandylar
29.01.2018 | Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri