Türkmen kluby dünýäniň iň güýçli 500 toparynyň arasyndan orun aldy

Türkmen kluby dünýäniň iň güýçli 500 toparynyň arasyndan orun aldy

Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtingi yglan edildi. Sanawdan Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň wekili hem orun aldy.

Has takygy, Türkmenistanyň Altyn asyr kluby degişli reýtingde dünýäniň iň güýçli 500 toparynyň hataryndan orun aldy. Sanawda 57,25 utuga eýe aragatnaşykçylar Ýamaýkanyň Kawalýer hem-de Gruziýanyň Dinamo Batumi toparlary bilen 420-nji orny paýlaşyp durlar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozalky reýtingde Altyn asyr 428-nji ornuň eýesidi. Görnüşi ýaly, täze sanawda türkmen kluby 8 basgançak ýokarlamagy başardy.

Maglumat üçin, Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy tarapyndan yglan edilen dünýäniň iň güýçli toparlarynyň täze reýtinginde Ispaniýanyň Real kluby 371 utuk bilen birinj orny eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Mançester Siti (Angliýa), Baýer (Germaniýa), Atalanta (Italiýa) hem-de Borussiýa (Dortmund, Germaniýa) ýaly toparlaryň ady bar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
HAZAR DEŇZI GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEGI IŞJELEŞDIRMEK DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy
Gruziýanyň Batumi portunda täze dökün terminaly açyldy