Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşýarlar

Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşýarlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2630-njy ýanwar aralygynda geçiriljek “Gulfood 2026” halkara sergisine “Asly”, “Erem”, “Miwe” we “Tudana” ýaly türkmen kompaniýalary gatnaşýarlar. Bu barada serginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Halkara sergide azyk senagaty pudagyndaky innowasiýalar, ekologik taýdan durnukly önümçiligi hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny hödürlemek maksady bilen öňdebaryjy öndürijileri we täze brendleri bir ýere jemleýär.

Serginiň tematik pawilýonlary alkagolsyz içgileri, süýt we et önümlerini, däneli we kösükli ekinleri, ýag önümlerini, dürli ýurtlaryň milli aşhanalaryny, şeýle hem sagdyn we berhiz iýmitleri öz içine alýar.

Şu ýyl sergä 130 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar, oňa gatnaşýan kompaniýalaryň sany bolsa 130-dan gowrak ýurtdan 6 müň 500-den geçer.

"Gulfood" — azyk we içgi senagatynyň, şeýle-de myhmanhana we restoran ulgamy üçin niýetlenen enjamlar pudagynyň täzeliklerini we mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrýan sebit boýunça iň iri sergileriň biridir. Bu sergi her ýyl dünýäniň ähli künjeginden bu ugurda işleýän hünärmenleri we myhmanlary jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Robotlar jaý gurar
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Topjagaza meňzeş tüýli miwe
Balkanlylaryň onlarçasy täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi
Uly Berdimuhamedow ABŞ-dan gelip, amerikan telekeçileri bilen duşuşygyny we golf-meýdançasyny gurmak islegini mälim etdi
Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar