TÜRKMEN KOMPOZITORYNYŇ SAZ ÝYGYNDYSY ASTRAHANYŇ YLMY KITAPHANASYNA TABŞYRYLDY

TÜRKMEN KOMPOZITORYNYŇ SAZ ÝYGYNDYSY ASTRAHANYŇ YLMY KITAPHANASYNA TABŞYRYLDY

Medeni arhiw taslamasynyň çäginde Nury Halmämedowyň aýdym-saz ýygyndylary (opera aýdymçysy Darýa Guseýnowa tarapyndan redaktirlenen, saýlama wokal eserler ýygyndysy) we kompozitor Mämet Guseýnowyň wokal, skripka we fortepiano ýygyndylary Astrahan sebitinde ýerleşýän N.K.Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasyna tabşyryldy.

Şeýle hem taslamanyň çäklerinde N.K.Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasynda çäre geçirildi. Onda Astrahan sebitiniň at gazanan medeniýet işgäri, Astrahan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti, Russiýa kompozitorlar birleşiginiň sebit bölüminiň başlygy Konstantin Wladimirowiç Guzenko kitaphananyň gaznasyna saz ýygyndylary sowgat etdi. Onuň bellemegine görä, bagyş edilen neşirler kitaphananyň sungat, edebiýat bölüminiň tekjesinde öz mynasyp ornuny alar.

Çärä Astrahanda ýerleşýän orta we ýörite orta sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylarydyr talyplary şeýle hem ýaşlar, sungaty söýüjiler gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Astrahandaky OperaFirst 2022 festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güni geçiriler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar