Türkmen konsuly Astrahan uniwersitetinde duşuşyk geçirdi

Türkmen konsuly Astrahan uniwersitetinde duşuşyk geçirdi

15-nji maýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji I.Alekseýew bilen duşuşdy. Duşuşyk Astrahan döwlet uniwersitetiniň binasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berýär.

Türkmenistanyň konsulynyň bu ýokary okuw mekdebine amala aşyran saparynyň esasy maksady uniwersitetiň ýolbaşçylary hem-de onda okaýan birinji ýyl türkmenistanly talyplar bilen tanyşmakdan ybarat boldy.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şertleri, akademiki gatnaşyklaryň aýratynlyklary, Astrahan döwlet uniwersitetine okmaga gelýän Türkmenistan raýatlarynyň bu ýere durmuş-medeni taýdan uýgunlaşmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

Soňra konsul ýokary okuw mekdebiniň türkmenistanlyt talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Talyplar duşuşyga işjeň gatnaşdylar hem-de konsula okuw we ýaşaýyş şertleri, şeýle-de migrasiýa kanunçylygy bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda G.Ilamanow bu çäräniň guramaçylygy üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ylym-bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlak babatda uly tejribäniň bardygyny aýratyn belläp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ADU-da 1200-den gowrak türkmenistanly talyp okaýar.

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistan Ikinji Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdy
Türkmen konsuly ADTU-nyň rektory bilen duşuşdy
Balkan welaýatynyň häkiminiň Astrahana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Astrahan 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirerler
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti