Türkmen konsuly Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň Astrahandaky ýädygärligine gül goýdy

Türkmen konsuly Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň Astrahandaky ýädygärligine gül goýdy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygynyň öňýanynda russiýaly hem-de Astrahan sebitinde akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar Astrahanyň Doganlyk seýilgähinde ýerleşýän Baky şöhrat alawy ýadygärligine gül desselerini goýdular. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berýär.

Gül goýmak dabarasyna Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sebitdäki wekilhanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň konsuly Gadam Ilamanow, şeýle-de Eýranyň we Gazagystanyň Astrahandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Astrahan sebitiniň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Gül goýmak dabarasyna gatnaşyjylar özleriniň ýatlama sözlerinde taryhy hakydany goramagyň we abadan, asuda geljegiň kepili hökmünde ony nesilden-nesle geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Astrahan sebiti geljek ýyl işewürlik forumyny geçirer
Türkmenistan bilen Astrahan 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirerler
ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistan bilen Astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy