Türkmen Lideri Uzynada nebit-gaz meýdançasyndaky işler bilen tanyşdy

Türkmen Lideri Uzynada nebit-gaz meýdançasyndaky işler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy. Ol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy we Balkan welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow öz hasabatynyň çäklerinde türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň möçberiniň 5 million tonna aralygynda çaklanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem wise-premýer Uzynada meýdançasyndan we Çeleken käninden alnan nebitleriň görnüşlerini görkezip, bu nebit önümleriniň aýratynlyklary hem-de olaryň hili barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Milli Liderimiz nebit önümlerini synlap, olaryň ylmy esasda öwrenilmegi, bu känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda çemeleşilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň geologiýa-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgany gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Ýene degişli makalalar

Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Hytaýyň kompaniýasy türkmen nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat berer
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Hünärmenler täze ýatagyň suwunyň içmäge näderejede ýaramlydygyny sorag astyna alýar
Türkmenistanda agyz suwunyň täze iri ýatagy tapyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa sapar edýär