Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7-12-nji ýanwar aralykda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyzyň toparyna halkara derejesinde ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.Zehinlileriň informatika boýunça bäsleşiginde paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ataýew kümüş medal gazandy.

Aşgabatdan hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylarynyň ýedisi üçünji orna we bürünç medallara eýe boldular. Şolardan üçüsi matematika boýunça, üçüsi fizika boýunça we biri informatika boýunça gazanyldy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ýadawsyz aladasy netijesinde türkmen mekdep okuwçylary diňe bir alýan bilimleriniň ýokary derejesini görkezmän, eýsem, geljekki ýeňişler üçin oňat halkara tejribesini hem toplaýarlar. Şunuň ýaly aň-paýhas ýaryşlarynda ýaşlarymyzyň her bir üstünligi olaryň deň-duşlaryny okuwlarynda döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, ýeňşe bolan erki terbiýelemäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, tehnologiýa mümkinçiligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmagyň özeni bolan ylym we bilim ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň Prezident strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk serişdesi Diýarymyzyň ähli bilim edaralaryny kompýuterleşdirmekden we informatizasiýalaşdyrmakdan, häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybarat bolup, şolaryň netijesinde türkmen ýaşlary bu gün dürli ylmy hem-de ders bäsleşiklerine uzak aralykdan gatnaşyp, baýraklara we sylaglara mynasyp bolýarlar.

Bularyň ählisi ýokary bilimli, sazlaşykly ösen täze nesli kemala getirmek, diýmek, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin iň gowy şertleri döredýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa aýratyn üns berýär.

Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda görkezýän ýokary netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Bedew waspy
Ýaş küştçi gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony belli boldy
Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
JONY Täze ýyl konsertine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi
Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy