Türkmen metrologlary Daşkentde geçiriljek seminara gatnaşarlar

Türkmen metrologlary Daşkentde geçiriljek seminara gatnaşarlar

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri iş sapary bilen Daşkent şäherinde bolarlar. CentralAsia.news habarlar gullugynyň bellemegine görä, türkmen metrologlary saparyň dowamynda 28 — 30-njy iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek Hil infrastrukturasy bilen önümçilik pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk atly seminara gatnaşarlar.

Seminaryň çäklerinde Daşkentde köpçülikleýin praktiki deňeşdirmeler hem bolar. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli metrologiýa institutlary hem gatnaşar.

Özbegistanyň paýtagtynda bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Metrologiýa Institutyna baryp görer. Bu ýerde ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler
Garrylar öýüniň ýaşaýjylary toý tutdular
Dünýäniň iň uly muzeýleri Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlap sergileri gurnar
Madridiň hakyky hojaýyny “Real”
Sürüjisiz monorels otly
Pikasso bagyşlanan sergiler geçiriler