Madridiň hakyky hojaýyny “Real”

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 6-njy tapgyrda Madrid derbisi oýnaldy. “Wanda Metropolitano” stadionynda oýnalan “Atletiko”“Real Madrid” duşuşygynda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi.Eýýäm 1-nji ýarymda 2-0 öňe saýlanan “Realyň” gollaryny 18-nji minutda Rodrigo bilen 36-njy minutda soňky duşuşyklaryň netijeli futbolçysy Federiko Walwerde geçirdi. 2-nji ýarymy has dartgynly we çekeleşikli geçen oýunda “Atletikonyň” ýeke-täk goluny 83-nji minutda Mario Hermosa öz adyna ýazdyrdy.

Ol 90+1-nji minutda gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy. Şeýlelikde, “Real Madrid” 171-nji gezek oýnalan Madrid derbisinde “Atletikony” 91-nji gezek ýeňlişe sezewar etdi (“Atletikonyň” 40 ýeňşi bar, 40 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy).

“Real Madrid” Madrid derbisinde soňky 10 duşuşykda “Atletikony” 6-njy gezek ýeňmegi başardy (3 deňlik, 1 ýeňliş).

Ýene degişli makalalar

“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş
Super Kubogyň super finaly
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Ýene bir kubok Lionel Messiniň ellerinde asmana göterildi
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady