Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň sazandalary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert guradylar.

Konsertiň başynda ýokary okuw mekdebiň birinji ýyl talyplary çykyş etdiler. Olardan Ogulaý Pirjanowa Wilgelm Poppuň Wenger tansy sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Baýramgül Ahmedowanyň ýerine ýetiren Gabriel Foräniň Fantaziýasy tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Sergeý Rahmaninowyň italýan polkasyny çalan Merjen Gulmuhammedowanyň çykyşy hem gyzgyn garşylandy.

Grigoraş Dinikunyň Hor staccato atly pýesasy uly mugallym Maksat Annamyradowyň goboýda ýerine ýetirmeginde syrlylyk elementleri bilen gaty ýerlikli ýaňlandy.Ilkinji üç täsirli owaz tomaşaçylar tarapyndan tutuş spektakl üçin badalga hökmünde kabul edildi.

Ikili stakkatonyň ştrihiniň we köp sanly sazlaşykly owazlaryň ulanylmagy tomaşaçylarda uçup barýan ýaly täsir döretdi, şol bir wagtda-da duýdansyz togtamalar we baý fortepiano akkordlary tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýärdi.

Goboý we pianino çalýanyň arasynda bäsleşik gidýän ýaly duýgy döreýärdi.Fortepiano partiýalaryny konsertmeýsterler Natella Bagyrowa, Ýewgeniý Selýutin, Jemal Artykowa we Amangül Bazarowa ýerine ýetirdiler.

Elbetde, islendik konserti ansambllar bezeýärler. Jonsonyň Kristmas sýuitasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky kwintetiň: Gülälek Geldimyradowanyň (fleýta), Kuwwat Orazowyň (goboý), Aýmämmet Huseýnowyň (klarnet), Astan Batyrowyň (waltorna), Begenç Saryýewiň (fagot) ýerine ýetirmeginde ajaýyp we şirin ýaňlandy.

Tomaşaçylarda mugallym Sapar Saparowyň çykyşy aýratyn täsir galdyrdy. Karl Mariýa fon Weberiň Rondo eseriniň ýumşak, mylaýym owazy tomaşaçylary bir pursat-da biperwaý goýmady.

Dmitriý Şestakowiçiň Walsyny Täze ýyl eseri diýip atlandyrmak kyn, ýöne bu sazdaky aşa nepislik, heýjana salýan mukam ajaýyp duýgyny döredýär.Walsyň birbada bäş tüýdükçi: Begenç Babamyradow, Myrat Annamyradow, Öwezmyrat Japarow, Begenç Saryýew, Rahat Çaryýew tarapyndan ýerine ýetirilendigi bellärliklidir.

Fortepiano partiýasyny Natella Bagyrowa ýerine ýetirdi.Tüýdükleriň ýumşak mahmal owazy we fortepianonyň ýokarky registrden çykýan notalary aýdym-saz söýüjileriň arasynda ýakymly duýgulary döretdi.

Dmitriý Şestakowiçiň bu eseri daşary ýurtlarda iň halanýan eserdir. Daşary ýurtlular oňa Rus walsy diýýärler. Adatça, bu eser ýaňlanyp başlan badyna, diňleýjiler begenjini bildirip, saza erkini berip başlaýarlar.

Mis saz gurallary toparynyň Babaguly Goşaýewiň, Begenç Ýunusowyň, Alyşir Ýakubowyň Riçard Rojersiň eserini ýerine ýetiren çykyşyny konsertiň feýerwerki hasaplamak bolar. Olaryň ýerine ýetiren Sirtaki grek tans sazyny diňleýjiler başdan-aýak çapak çalyp diňlediler.

Türkmen kompozitorlary Röwşen Nepesowyň Konserti, Daňatar Hydyrowyň Arkadagyň ýurduna hoş gelipsiň, Täze ýyl! eserleri-de baýramçylyk konsertiniň şatlygyny artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri
Ylmyusuly maslahat
Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
Sungat joşguny