Türkmen okuwçylary Singapurda geçirilen halkara Copernicus olimpiadasynda 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Singapurda geçirilen halkara Copernicus olimpiadasynda 6 medal gazandylar

Singapurda matematika ugry boýunça geçirilen VII halkara Copernicus olimpiadasy üstünlikli tamamlandy.Bu abraýly halkara bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.Türkmenistanly okuwçylar bu olimpiada ilkinji gezek gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.

Türkmenistanyň topary ilkinji çykyşynda 6 medala mynasyp boldy we okuwçylar 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.Mary şäherindäki Belent bilim okuw merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa altyn medala hem-de öz ýaş toparynda Absolute Winner diýen hormatly ada eýe boldy. Şeýle-de ol ýörite baýrak hökmünde MacBook Air kompýuteri bilen sylaglandy.

Kümüş medallara Mary şäherindäki Belent bilim okuw merkeziniň okuwçysy Dawut Muhammetnazarow, Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Geldimyrat Saryýew we Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Emirmuhammet Sabyrow mynasyp boldular.

Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Bagtyýarow hem-de 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Melike Begliýewa gazandylar.Copernicus olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň bilimini, logiki pikirleniş ukybyny, çalt çözgüt kabul etmek başarnygyny hem-de ýokary derejeli meseleleri çözmek ussatlygyny görkezýän abraýly halkara intellektual bäsleşikleriň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany