Türkmen prezidenti Wengriýa sapar edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy, dabaralara gatnaşdy

Türkmen prezidenti Wengriýa sapar edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy, dabaralara gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda türkmen wekiliýetine baş bolup, Wengriýa sapara bardy we ol ýerde ilki premýer-ministr Wiktor Orban bilen başa-baş gepleşik geçirdi, soň bu duşuşyk giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

TDH Berdimuhamedowyň saparynyň Budapeştde Ýeňil atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna, şeýle-de ýurduň Milli baýramyna — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gabat guralandygyny belleýär.

Wiktor Orban Wengriýanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, türkmen prezidentiniň Budapeşte edýän ilkinji saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

S.Berdimuhamddow türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Wiktor Orbanyň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly itergi berendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Wenger tarapy Aşgabadyň diwersifikasiýalaşdyrmak, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýändigini hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmen wekiliýeti günüň ikinji ýarymynda Milli atletika merkezine baryp, . Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan täze sport toplumynda geçirilýän bäsleşiklere tomaşa etdi.

19-njy awgustda badalga alan ýaryşlara 200-den gowrak ýurtdan türgenleriň 2 müňden gowragy gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Belentden ýaňlanan owazlar
Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýewropada iň şüweleňli feýerwerke tomaşa etdi
Prezident Erdogan, Wenger Kärdeşi Bilen Duşuşdy