Türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

Türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde anna güni Aşgabatda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:

Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama;

2023-2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça Federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama;

Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Lotos aýratyn ykdysady zolagy paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Lotos aýratyn ykdysady zolagy paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen-rus işewürlik maslahaty Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň we Türkmenistanyň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
RUSSIÝANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi
Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler