Türkmen samboçylarynyň nobatdaky üstünligi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň üçüsine hem-de bürünç medallaryň altysyna mynasyp boldular.

Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Muminjan Arzikulow (agram derejesi 62 kilograma çenli) hem-de Läle Nuryýewa (72 kilograma çenli) çykdylar. Amina Niýazowa (44 kilograma çenli), Tawus Geldimyradowa (56 kilograma çenli) hem-de Babajan Iwadullaýew (100 kilograma çenli) ikinji orna mynasyp boldular.

Bürünç medallary Allanur Çaryýew (52 kilograma çenli), Parahat Bäşimow (82 kilograma çenli), Narmyrat Taňňyrberdiýew (90 kilograma çenli), Rejepnur Agaýew (57 kilograma çenli), Döwletmyrat Çeppäýew (74 kilograma çenli) hem-de Mähri Akmyradowa (60 kilograma çenli) gazandylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, sambo Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri olaryň şu ýyl geçiriljek esasy ýaryşlara taýýardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň deňiz gämisiniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça Weichai iženerçilik korporasiýasy bilen maslahatlaşyldy
Sport tansy boýunça 2017-2018- nji ýyllaryň möwsüminde esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän ikinji ýaryş geçirildi
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy