Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň arasynda duşuşyk geçirildi.

TDIM-niň resmi web-saýtynyň habar bermegine görä, 28-nji fewralda geçirilen duşuşykda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alşyldy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy we gün tertibi, şeýle hem 2023-nji ýylyň dowamynda dürli derejelerde geçirilmegi meýilleşdirilýän özara saparlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler
Hakan Fidan Londonda we Parižde saparda boldy
Daşary Işler Ministri Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Eýran Bilen Saud Arabystany Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýaňadandan Başlamagy Üçin Şertnama Baglaşdy
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglu Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy