Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglu Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglu Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Çawuşoglu düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde 16-njy martda geçiriljek Türk döwletleri guramasynyň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşoglu Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar