Türkmen senetçilerine önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna mümkinçilik döredilýär

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýeti hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID), ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde, Lebap Handmade Exports (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresi geçirildi.

Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ussat senetçileriniň önümleriniň sergisi hem-de emin agzalaryna özleriniň täze biznes taslamalaryny we önümlerini hödürlän maksatnamanyň on sany ýeňijisiniň arasynda bäsleşik geçirildi.Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýeti habar berdi.

“Lebap HME” maksatnamasy senetçilik önümleriň bazarlaryny artdyrmak we halkara satuwlary ýokarlandyrmak üçin türkmen senetçileriniň önümlerini “eBay” onlaýn bazarynda we beýleki halkara söwda platformalarynda ýerleşdirmegi maksat edinýär.Alty aýyň dowamynda “Lebap HME” maksatnamasynyň 20 sany gatnaşyjysy önümiň dizaýny, sosial media marketingi, mahabat bildirişlerini ýazmak , surata düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça gymmatly bilim aldylar. Şeýle-de, bu maksatnama täze hyzmatdaşlar we türkmen senetçilikleriniň esasy bazary bolan ABŞ-nyň onlaýn dükanlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikleri döretdi.

Şanly baýrak gowşurylyş dabarasynda maksatnamanyň üç gatnaşyjysy guramaçylardan we hemaýatkärlerden sowgat aldylar. Maýsa Öwezowa özüniň durnukly işewürlik modeli, innowasion telekeçilik çemeleşmesi we tanyşdyryş ussatlygy üçin birinji orna mynasyp boldy.

2023-nji ýylyň aprelinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde başlanan “Lebap HME” maksatnamasyny USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy (FGI) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti bilelikde gurnadylar.

Şeýle hem, bu maksatnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary tarapyndan uly goldaw berildi.

Ýene degişli makalalar

USAID bilen ÝB lebaply senetçilere dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berýär
USAID türkmen zenanlaryna “eBay” dükanlaryny açmaga ýardam berýär
USAID bilen ÝB Lebap welaýatynyň senetçilerine ýardam berýär
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady