Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler

Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda tomusky okuw tejribeligini geçýärler.Okuw tejribeligiň maksatnamasy Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Okuw maksatnamasynyň çäginde talyplar özleriniň geljekki hünärinde gerekli bolan häzirki zaman usulyýeti we çemeleşmeleri öwrenýärler, şeýle-de halkara derejesinde professorlaryň alyp barýan umumy sapaklaryna gatnaşýarlar.Okuw tejribeligi talyplara diňe bir nazary bilimi çuňlaşdyrmaga däl-de, eýsem, halkara gurşawda öz hünäri boýunça kämilleşmäge mümkinçilik berýär.

Florensiýada dünýäde öňdebaryjy ylym-bilim we medeni merkezleriň birinde geçýän tomusky okuw talyplar üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga we aragatnaşyk saklamaga, dürli medeniýetler bilen tanyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge hem-de dünýägaraýyşyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň okuw tejribeligi Kent döwlet uniwersitetinde dowamly ýagdaýda geçirilýär.Iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň aýratyn hem akademik jähetden hyzmatdaşlygy ýurdumyzy halkara derejesinde tanadyp biljek başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda möhüm we häzirki wagtda hereket edýän gural bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

“Öýde ýeke özi” filminiň ýyldyzy Ketrin O’Hara aradan çykdy
ABŞ we Türkmenistan emeli aňdan başlap, medeni mirasa çenli hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Kentukkide sil joşmasyndan 37 adam heläk boldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
ABŞ-daky sil apatynda we ýagyşlarda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Awaza sagdynlygyň mekany