Türkmenistanyň üç sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary 25-nji iýuldan 2-nji awgust aralygynda Malaýziýada geçirilýän UNITEN Energy Adventure Summer Camp atly halkara tomusky taslama gatnaşýarlar.Dürli ýurtlardan gelen ýaşlary bir ýere jemlän medeni we bilim maksatly tomusky lager Malaýziýanyň Kajang şäherinde ýerleşýän Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) ýolbaşçylygynda geçirilýär.
Bu halkara çärä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ruslan Ekaýew hem-de kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Azimjan Tajiýew gatnaşýar. Şeýle hem bu taslama Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň elektrik üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ahmet Bekmiýew we göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Sanjar Esenow gatnaşýar.
Milli toparyň düzümine mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat elektronikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Serdar Aýdogdyýew, mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar hünäriniň 1-nji ýyl talyby Isa Şamuhammedow hem-de maglumat howpsuzlygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Jumadurdy Döwletgeldiýew girýär.
Tomusky lageriň çäklerinde türkmen talyplary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen bilelikde energetika, innowasion tehnologiýalar we ylmy barlaglar bilen baglanyşykly leksiýalara hem-de amaly sapaklara gatnaşýarlar. Şeýle-de maksatnamada gatnaşyjylar üçin baý medeni çäreler hem göz öňünde tutulandyr.
Bu halkara taslama gatnaşmak talyplara dürli ýurtlaryň ýaşlary bilen tejribe alyşmaga, medeniýetara aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge, akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze bilimleri we amaly başarnyklary ele almaga mümkinçilik döredýär.Bu bolsa olaryň geljekki hünär taýdan kämilleşmegine möhüm goşant goşar.
Türkmenistanyň talyplarynyň Malaýziýa sapary türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen Tenaga milli uniwersitetiniň (UNITEN) arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň esasynda ýola goýlan ylmy hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.Talyplaryň ylmy hereketliligini giňeltmek, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek, bilim we ylmy-barlag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara bilim başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagy milli ýokary bilim ulgamyny dünýä bilim giňişligine üstünlikli utgaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini we bu ugurdaky tagallalaryň netijelidigini aýdyň görkezýär.
