Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener

Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener

5-nji fewralda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna ugradylmagy meýilleşdirilýän möçberlerini kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutany “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy.Ol 4-nji şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir. "Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijisini gurmak baradaky meseleler boýunça gepleşikleri geçirjekdigine ynanýaryn" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin Pekinde Olaf Şols bilen duşuşdy
Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli gutlaglar
Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Hytaýyň Döwlet baştutany Russiýa bilen bagly beýanat berdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder