Türkmen türgeni tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

3-nji oktýabrda Türkmenistanly kuraş ussatlary Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda üçünji medaly gazandylar. Göreşiň bu görnüşi boýunça ýaryşyň soňky gününde topara bürünç baýragy Işanmyrat Ataýew getirdi. Ol bu üstünligi medal ugrunda 9 türgeniň bäsleşýän 90 kilograma çenli agram toparynda gazandy.

Çärýek final bolup çykan ilkinji bäsleşikde Işanmyrat Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynyň 81 kilograma çenli agram toparyndaky 31 ýaşly bürünç medalçysy Min Kwan Buini (Wýetnam) 5:0 hasabynda ýeňdi.

Ýarym finalda ildeşimiziň garşydaşy güýçli eýranly pälwan Sadeh Azäräng boldy. Işanmyrat onuň bilen iki gezek: şu ýyl Aziýa synag çempionatynda we Hançžou şäherinde geçen World Series Pro saýlama ýaryşynda duşuşypdy. Iki gezegem ýeňşi bir duýduryşyň hasabyna Sadeh Azäräng belledi.

Ýarym finalda, şeýle hem finalda 41 ýaşly Miňýu Kimden (Koreýa Respublikasy) şeksiz üstün çykmak bilen, Sadeh Azäräng 34 ugur boýunça 289 türgeniň gatnaşýan Aziýa oýunlarynda Eýran topary üçin dördünji altyn medaly gazandy. Kümüş medal Miňýu Kime ýetdi. Iki bürünç medal bolsa Haknazar Nazarowa (Täjigistan) we Işanmyrat Ataýewe berildi.

30-njy noýabrda 27 ýaşy dolýan Işanmyrat Ataýew üçin bu ýaryş kuraş göreşi boýunça 2 ýylyň dowamynda diňe bäşinji halkara bäsleşikdi.Ol geçen ýyl Türkiýäniň Iznik şäherinde geçirilen IV Bütindünýä çarwa oýunlarynda üçünji ýeri eýeledi. 2023-nji ýylda Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa synag çempionatynda we World Series Pro saýlama ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Mundan başga-da, şu ýyl Işanmyrat gazak kuraş göreşinde bilini synap gördi we Jizakda geçen Aziýa çempionatynda 3-nji ýeri eýeledi.

Şeýlelik bilen, ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyndaky kuraş boýunça ýaryşlar tamamlandy. Özi-de, Şýaoşan Linpu gimnaziýasynda geçirilen ýaryşyň üç gününde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň üçünji gezek galdyrylmagy bilen tamamlandy. Ondan öň toparymyzdan Tejen Tejenowyň (90 kg-dan ýokary) kümüş medal, Aýnur Amanowanyň (52 kg çenli) bürünç medal gazanandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda